“Altyn gala gurluşyk” täze ýyladyşhanasynyň gurluşygyny tamamlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Altyn gala gurluşyk” täze ýyladyşhanasynyň gurluşygyny tamamlaýar
Taýýar önümler ilata ýetirilmezden öň ýyladyşhana toplumyna degişli barlaghanada hil barlagyndan geçiriler.

“Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasy Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýyladyşhana toplumyny ulanyşa girizmäge taýýarlanýar.

“Altyn gala gurluşyk” HK-niň düzüminde ikinjisi boljak täze ýyladyşhana bäş gektar meýdany eýelär.

Döwlet tarapyndan uzakmöhletleýin kärendä berilýän meýdanda gurlan täze ýyladyşhana ähli döwrebap tehnologiýa bilen üpjün edilip, olaryň enjamlarynyň hili ençeme ýyllaryň dowamynda ulanmaga mümkinçilik berýär.

Taýýar önümler ilata ýetirilmezden öň ýyladyşhana toplumyna degişli barlaghanada hil barlagyndan geçiriler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasy ýyladyşhana toplumynyň düzümini giňeltmegi meýilnamalaşdyrýar.

2022