Türkmen kompaniýasy düýeguşlaryň baş sanyny 10 müňe ýetirmegi meýilleşdirýär

BT
Türkmen kompaniýasy düýeguşlaryň baş sanyny 10 müňe ýetirmegi meýilleşdirýär
Bir ýere jemlenen düýeguşlar

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Düýeguş” önümçilik toplumynda häzirki wagtda 2 müň töweregi düýeguş ideg edilip, geljekde bu ýerdäki guşlaryň baş sanyny 10 müňe ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu barada çarşenbe güni çap edilen “Bereketli toprak” gazetinde habar berilýär.

“Häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen inkubirleme bölüminde howanyň gyzgynlygy we çyglylygy kadaly saklanýar. Bu ýerde düýeguş ýumurtgalary 42 — 46 günüň dowamynda inkubirlenýär. Düýeguşuň jüýjeleri 3 aýlyk bolýança ýörite şertler döredilen bölümde saklanýar” diýip, önümçilik toplumynyň direktory Welmyrat Welmyradow gürrüň berýär.

Toplumyň çäklerinde düýeguşlary saklamak üçin giň ýataklar, guşlaryň gezim etmegi üçin meýdançalar, iým sehi we ammarlar, guş etini taýýarlamak, düýeguş derisini gaýtadan işlemek, ýelekleri toplamak üçin önümçilik bölümi, şeýle hem weterinariýa nokady we edara binasy hereket edýär.

Düýeguşlar mart aýyndan oktýabr aýyna çenli ýumurtgalaýarlar. Düýeguş ýumurtgasynyň agramy 1,2 — 2 kilogram aralygynda bolup, towuk ýumurtgalarynyň 25 — 30-synyň ornuny tutýar.

Habarda bellenilişi ýaly, düýeguş etiniň 1 kilogramyny almak üçin gara mallardyr dowarlaryňkydan az ýer, az iým we az suw sarp edilýär. Düýeguşlar bary-ýogy 10 — 12 aýda soýuma taýýar agrama ýetýär. Bir guşdan ortaça 40 — 45 kilograma barabar et alynýar.

“Düýeguş” önümçilik toplum 2022-nji ýylda esaslandyrylyp, düýeguşlar üçin zerur şertleri nazara almak bilen gurlan döwrebap agrosenagat kärhanasydyr.

2022
ENG TM РУС