Eýran – Türkmenistan serhediniň ýakynynda erkin ykdysady zolagy açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran – Türkmenistan serhediniň ýakynynda erkin ykdysady zolagy açylar
Inçeburun erkin ykdysady zolagy Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýol geçelgesine ýakyn ýerleşer.

Eýran Yslam Respublikasynyň Golestan welaýatynyň häkimi Hadi Hagşenas duşenbe güni Eýran Parlamentinde geçirilen mejlisde Inçeburun şäherinde erkin ykdysady zolagyny açmak boýunça ylalaşyga gelnendigini mälim etdi. Bu barada Eýranyň ISNA agentligi habar berýär.

Häkimiň aýtmagyna görä, Inçeburun erkin ykdysady zolagy Türkmenistan – Eýran serhedine ýakyn etrapda ýerleşip, 12,500 gektar ýeri öz içine alar.

Hagşenas göz öňünde tutulýan ýeriň demirýol ulgamyna we Türkmenistan bilen gury ýerdäki serhede ýakyn bolmagy bilen tapawutlanýandygyny aýdyp, geljekde geçiriljek üýtgeşmeleriň esasynda Hazar deňzindäki araçägiň hem mümkinçiliklerinden peýdalanyp boljakdygyny belledi.

Golestan welaýatynyň häkimi erkin ykdysady zolagynyň salgyt aýratynlyklary sebäpli maýa goýumçylary özüne çekjekdigine ünsi çekip, munuň netijesinde welaýatyň durnukly ösüşiniň gazanyljakdygyny nygtady.

Inçeburun erkin ykdysady zolagy Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýol geçelgesine ýakyn ýerleşer. 2014-nji ýylyň dekabr aýynda açylan bu demir ýoluny ulanmak arkaly Hytaýyň demir ýoly ulgamyna birikmegi mümkin. 2017-nji ýylyň dekabrynda Hytaý – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran ugry boýunça synag otlusy iberildi. Bu otly 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda Balkan welaýatynyň Eýran bilen serhedinde ýerleşýän Akýaýla demir ýol menzilini geçip, Inçeburun şäheriniň üsti bilen Tährana bardy.

2022