Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy (ICD) “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky bilen hyzmatdaşlyk saklamaga gyzyklanma bildirýär. 11-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde (TSTB) ICD bilen geçirilen duşuşykda korporasiýanyň wekili Askar Baýmuldin bu barada mälim etdi.
TSTB-niň habar bermegine görä, Baýmuldin ICD-niň esasy maksadynyň maýa goýumlary we maliýeleşdirmek işleri arkaly hususy ulgamy ösdürmegi goldamak we oňa goşant goşmakdygyny aýdyp, “Rysgal” PTB bilen bank ulgamyny ösdürmekde hyzmatdaşlyk saklamaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda TSTB-niň müdiriýetiniň wekili Suhan Ataýew myhmanlary birleşmäniň işleri bilen tanyşdyryp, Türkmenistanda hususy ulgamy ösdürmekde alnyp barylýan maksatnamalar barada habar berdi.
Ataýew hususyýetçileri bazar ykdysadyýetini herekete geçirýän esasy ulgamlaryň biri hökmünde görkezip, türkmen telekeçilerine edilýän döwlet goldawlaryna ünsi çekdi.
Korporasiýanyň wekilleri Türkmenistana saparynyň çäklerinde “Rysgal” PTB-niň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar, şeýle hem “Ak harman” we “Ak gaýa” kompaniýalarynyň önümçilik desgalaryna aýlanyp gördüler.
Yslam ösüş banky toparynyň agzasy bolan ICD dünýäniň 54 ýurdunda häzirki wagta çenli hususy ulgamy ösdürmäge 3.16 milliard ABŞ dollaryna barabar serişde goýberdi.