Türkmenistanda üç sany täze sement zawody gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda üç sany täze sement zawody gurlar
Türkmenistanyň Prezident içerki zerurlyklar üçin we beýleki döwletlere eksport etmek üçin ýene-de azyndan üç sany sement zawodynyň gurulmalydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň welaýatlarynda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly üç sany täze sement zawody gurlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylary bilen çarşenbe güni geçiren iş maslahatynda bu barada “Türkmensenagat” agentligine tabşyryk berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içerki zerurlyklar üçin we beýleki döwletlere eksport etmek üçin ýene-de azyndan üç sany sement zawodynyň gurulmalydygyny aýdyp, bu ugurda işleri çaltlandyrmagy talap etdi, şeýle hem könelişen kärhanalaryň durkuny täzelemek işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany maslahatyň dowamynda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda önümçilik kuwwatlyklarynyň pes derejede ulanylýandygyny belläp, wise-premýer Baýramgeldi Öwezowa we Dokma senagaty ministrliginiň ýolbaşçylaryna, täze fabrikleriň guruljak ýerini kesgitläp, olaryň gurulmagyny üpjün etmek barada görkezme berdi.

Marketing boýunça hem ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmalydygyny aýdan Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okatmak üçin beýleki döwletlerden hünärmenleriň çagyrmalydygyny nygtady.

Iş maslahatynyň dowamynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem işine seredildi.

“Soňky 10 ýylda “Türkmenhimiýa” döwlet konsernini ösdürmek üçin goýberilen 3 milliard 300 million amerikan dollaryndan gowrak serişdäniň netijesinde Konserniň diňe mineral dökünleri öndürmek boýunça kuwwaty 3 esse artdy” diýlip, maslahatda mälim edildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyny mineral dökünler bilen wagtynda, ýeterlik mukdarda üpjün etmek we ony daşary ýurtlara-da iberip, gyzyl pulda girdeji gazanmak üçin, täze gurlan zawodlaryň taslama kuwwatyna çykarylmandygyny belledi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň öňünde durýan wezipelere ünsi çeken Türkmenistanyň Prezidenti eksport üçin öndürilýän himiýa önümleriniň möçberleriniň köpeldilmegine aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. 

2022