Türkmenistan ikinji hemranyň üstünde işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ikinji hemranyň üstünde işleýär
Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk emeli hemrasy 2015-nji ýylyň 17-nji maýynda kosmosdaky bellenen nokadyna ýerleşdirildi.

Türkmenistan älem giňişliginden ýeriň üstüne gözegçilik edýän täze emeli hemra ulgamynyň üstünde işleýär.

Çarşenbe güni geçirilen iş maslahatynyň dowamynda bu barada habar beren wise-premýer Baýramgeldi Öwezow täze hemra ulgamynyň taslamasyny düzmek, gurnamak we älem giňişligine çykarmak boýunça tehniki şertleriň taýýarlanylyp, degişli işleriň amala aşyrylýandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumyna ýöriteleşdirilip geçirilen iş maslahatynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew Aşgabat şäherinde, welaýat we etrap merkezlerine optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary çekilip, sanly ykdysadyýete geçmek üçin degişli düzümiň taýýar edilendigini habar berdi.

H.Hudaýgulyýew Türkmenistanda hereket edýän optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kommunikasiýa ulgamyna birikdirilendigini belledi.

Maslahatyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow agentligiň öňünde durýan wezipeleri barada aýdyp, täze halkara optiki-süýümli birleşmeleriň üstünde işlenilmelidigini nygtady.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligine Türkmenistanyň Bütewi maglumatlar merkeziniň binasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, Agentligiň ýanyndaky Kiberhowpsuzlyk gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin zerur işleri geçirmek we bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem ykjam aragatnaşyk ulgamynyň 5G tapgyrynyň mümkinçiliklerini öwrenip, anyk teklipleri bermek tabşyryldy.

Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk emeli hemrasy 2015-nji ýylyň 17-nji maýynda kosmosdaky bellenen nokadyna ýerleşdirildi. 15 ýyllyk ömri bolan bu emeli hemranyň ýerüstünden dolandyryş merkezi Ahal welaýatynda ýerleşýär, şeýle hem Daşoguz welaýatynda dolandyryş stansiýasy bar.

2022