Lebaply telekeçi Özbegistana 26 müňden gowrak asgyç eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply telekeçi Özbegistana 26 müňden gowrak asgyç eksport etdi
Asgyçlary Daşkent şäherindäki tämizlik kompaniýasy bolan “DRYMAN – SERVIS” jemgyýeti satyn aldy.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda telekeçi Myrat Joraýew plastikadan ýasalýan döwrebap asgyçlaryň we beýleki önümleriň 26 müň 250 sanysyny goňşy Özbegistana eksport etdi.

Asgyçlary Daşkent şäherindäki tämizlik kompaniýasy bolan “DRYMAN – SERVIS” jemgyýetiniň buýurmasy esasynda taýýarlan Joraýew geljekde önümlerini beýleki ýurtlara hem ibermegi meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň hususy kärhanalary polimer önümleriniň birnäçe möçberini, şol sanda, “Altyn saraý” 800 müň amerikan dollaryna golaý we “Döwrebap çözgüt” 200 müň amerikan dollaryna barabar polipropilen haltalary, “Altyn bürgüt” 188 müň amerikan dollardan gowrak polipropilen turbalaryň 120 tonnasyny, “Mizemez gadam” ep-esli möçberdäki tehniki harytlary daşary ýurtlara eksporta iberdiler.

Şeýle hem häzirki günde ýurduň gündogar sebitinde hususyýetçileriň güýji bilen daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek üçin desgalaryň 32-si gurulýar. Gurulýan desgalaryň 19-sy oba hojalyk, 13-si senagat önümlerini öndürmäge ýöriteleşdirilýär.

2022