2020-nji ýylda Russiýanyň ÝOJ-lerinde türkmen talyplary üçin 202 orun meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
2020-nji ýylda Russiýanyň ÝOJ-lerinde türkmen talyplary üçin 202 orun meýilleşdirilýär
“Rossotrudniçestwo”-nyň ýolbaşçysy Eleonora Mitrofanowa Türkmenistana sapar edýär.

Öňümizdäki ýylda Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw jaýlarynda türkmen talyplary üçin aýrylan ýerleriň köpeldilmegi mümkin. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Federal agentliginiň ("Rossotrudniçestwo") ýolbaşçysy Eleonora Mitrofanowa Türkmenistana eden saparynyň dowamynda mälim etdi.

“Öňümizdäki ýylda Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda türkmen mekdeplerini gutaran Türkmenistanyň raýatlary üçin 202 orun göz öňünde tutuldy. Şu gün bu mowzuk bilen bagly Türkmenistanyň Bilim ministrliginde gepleşikleri geçireris. Eger talap köp bolsa, bu sany köpelderis” diýip, A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän türkmen-rus orta mekdebine baran Mitrofanowa belledi.

Agentligiň internet sahypasynda berlen maglumata görä, mekdebiň direktory Ýelena Systsowa her ýyl ortaça 3.5 müň dalaşgäriň Russiýa Federasiýasynyň ÝOJ-lerinde okamak maksady bilen türkmen-rus mekdebinde geçirilýän synaglara gatnaşýandygyny aýtdy.

Türkmenistan bilen “Rossotrudniçestwo” tejribelerini paýlaşarlar

“Rossotrudniçestwo” agentligi bilen Türkmenistan innowasion tehnologiýalary ulanmakda we sanly ykdysadyýeti ýaýbaňlandyrmak ulgamlarynda bar bolan tejribelerini paýlaşarlar. Bu ugurdaky mümkinçilikler sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen “Rossotrudniçestwo” agentliginiň ýolbaşçysy Eleonora Mitrofanowanyň baştutanlygyndaky wekiliýetiň duşuşygynda maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda taraplar ylym, bilim, medeniýet we sungat ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berdiler.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekdäki ornuny, şeýle hem ylmy gözlegler, hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmak ulgamynda we medeni çäreleri geçirmekde “Rossotrudniçestwany” işe çekmek bilen meýilnamalaryň we taslamalaryň işlenilip taýýarlanylmagy boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Günüň dowamynda agentligiň ýolbaşçysy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň arasynda hem duşuşyk geçirildi.

2022