Ýewrokomissiýanyň ilkinji zenan prezidenti howanyň üýtgemegine garşy bilini berk guşady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewrokomissiýanyň ilkinji zenan prezidenti howanyň üýtgemegine garşy bilini berk guşady
Ursula fon der Lýaýen ýekşenbe güni täze komissiýanyň işe başlamagy mynasybetli geçirilen çärede hem söz sözledi.

Ýewropa Komissiýasynyň täze başlygy Ursula fon der Lýaýen ýekşenbe güni wezipesine girişdi. Ýewroparlament 27-nji noýabrda geçiren plenar mejlisinde ilkinji zenan başlyk fon der Lýaýeniň ýolbaşçylygyndaky Komissiýanyň täze düzümini tassyklady.

Mejlisde çykyş eden fon der Lýaýen Komissiýanyň geljek 5 ýyldaky gün tertibiniň düzümine howanyň üýtgemegine garşy göreşiň, maliýe serişdeleriniň durnukly ulanylmagynyň, immigrasiýa meseleleriniň, rak keseline garşy göreşiň, ekerançylygyň we bio-köpdürliligiň girjekdigini aýtdy.

Lýaýen Ýewropanyň ýaşyl ylalaşygynyň howa goýberilýän gazlary azaltmaga, şeýle hem iş orunlarynyň köpelmegine ýardam berjekdigini nygtady.

Komissiýanyň täze prezidenti asyryň ortasyna çenli arassa energiýa geçişiň giň göwrümli alnyp barmalydygyny aýdyp, bu ugurda ýerine ýetiriljek işleri maliýeleşdirmekde Ýewropa Bileleşiginiň esasy çeşme hökmünde çykyş etjekdigini belledi.

Çykyşynyň dowamynda fon der Lýaýen Ýewropanyň ykdysadyýetiniň kuwwatyna ünsi çekdi.

“Biz ýeke-täk bazarymyza we ýeke-täk pul birligimize bil baglamalydyrs” diýip, Lýaýen aýtdy.

Lýaýen ýekşenbe güni täze komissiýanyň işe başlamagy mynasybetli geçirilen çärede hem söz sözledi.

Täze prezident Ýewropanyň çalt özgerýändigini aýdyp, bu üýtgeşmeler bilen aýakdaş gitmegiň öz jogapkärçiliklerinde bolup durýandygyny nygtady.

Syýasy zähmet ýoluna 1990-njy ýyllaryň ahyrynda başlan Ursula fon der Lýaýen 2013-nji ýylda Germaniýanyň ilkinji zenan Goranmak ministri boldy. 61 ýaşly täze prezident 2024-nji ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji häkimiýeti bolan Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesini ýerine ýetirer.