“Ak çeşme” süýt önümleriniň 20 görnüşi ilata ýetirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak çeşme” süýt önümleriniň 20 görnüşi ilata ýetirilýär
Süýt önümleri kärhanasynda her gün üç tonna süýt kabul edilip gaýtadan işlenilýär.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda telekeçi Berdimuhammet Çaryýew özüne bölünip berlen bir gektar ýerde süýt önümlerini öndürýän kärhana gurnady. Häzirki günde telekeçiniň öndürýän “Ak çeşme” haryt nyşanly önümleriniň görnüşi 20-ä ýetdi.

Kärhana etrabyň “Täze durmuş” daýhan birleşiginiň çäginde, obanyň alkymynda ýerleşýär. Bu hem golaýda ýaşaýanlaryň öz iri şahly mallaryndan alýan süýdüniň artykmajyny önümhana tabşyrmaklaryna mümkinçilik döredýär.

Şeýle hem “Ak hünji” hususy kärhanasyndan şertnama esasynda satyn alynýan süýdi gaýtadan işleýändiklerini aýdan Çaryýew “Biziň kabul edip alýan ýokary hilli süýdümiziň her günki mukdary üç tonna barabar bolýar” diýip belledi. Bu süýtden mesge ýagy, saryýag, gatyk we gaýmagyň dürli görnüşleri öndürilýär.

Telekeçi Çaryýew “Ýene bir bellemeli zat, öňler öndürýän önümimiziň daşky gaplaryny ýa-da goşundylaryň birnäçesini daşary ýurtlardan satyn almaly bolýardyk. Indi olary türkmen telekeçileriniň özleri öndürýärler. Biz hem etrabymyzyň çäginde ýerleşýän “Lälezar zaman” hususy kärhanasynyň taýýarlaýan önüm gaplaryny alyp, önümçiligimizde peýdalanýarys” diýip belledi.

Kärhana öndürilýän süýt önümlerini “gyzgynlygy bilen” bazarlardyr söwda nokatlaryna iberýär.

2022