Daşoguz şäherindäki demirbeton zawody diwarlyk panellerini öndürmäge başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz şäherindäki demirbeton zawody diwarlyk panellerini öndürmäge başlady
Kärhanada döwrebap enjamlar arkaly armaturalary dürli görnüşde kesmek, bükmek, kebşirlemek işleri alnyp barylýar.

“Türkmensenagat” agentliginiň “Türkmendemirbetonönümleri” döwlet kärhanasynyň Daşoguz şäherindäki demirbeton zawody daşky we içki diwarlyk panelleriniň önümçiligini ýola goýdy. Munuň üçin kärhanada kasseta görnüşli enjamlar oturdyldy.

Önüm kärhananyň düzümine girýän gurluşyk bölümçesi üçin niýetlenýär. Bu bölümçe demirgazyk welaýatynyň administratiw merkezinde oňaýly, köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurýar. Häzir iri panelli ýaşaýyş jaýlarynyň tekiz bölekleriniň önümçiligini ýola goýmak işleri alnyp barylýar.

Birnäçe ýyl mundan ozal geçirilen durkuny täzelemek işlerinden soň Daşoguzyň demirbeton zawody uly önümçilik mümkinçiliklerine eýe boldy. Armaturany kesmek we bükmek, sowuklygyna dartmak we nokatlaýyn kebşirlemek üçin döwrebap enjamlaryň, köpri kranlarynyň, beton garyjylaryň, gysyjylaryň, bug generatorynyň we beýleki ýöriteleşdirilen enjamlaryň barlygy öndürilýän önümiň görnüşlerini ep-esli artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Zawodda dürli diametrli demirbeton turbalary, plitalar, penjire we gapy germewleri, lagym guýulary üçin lýuklar we beton bordýurleri öndürilýär. Şu ýyl jemi öndüriljek demirbeton önümleriniň möçberiniň 26 müň kub metre barabar bolmagyna garaşylýar. 

2022