“TechWomen” maksatnamasyna kabul edişlikler başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“TechWomen” maksatnamasyna kabul edişlikler başlady
Türkmenistan bilen bir hatarda 21 ýurtdan hünärmenlere açyk bolan bu maksatnamanyň soňky sanyna 106 zenan gatnaşdy.

ABŞ hökümetiniň “TechWomen” maksatnamasynyň 2020-nji ýyldaky tapgyryna kabul edişlikler başlandy.

Ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika (STEM) ugurlarynda zähmet çekýän zenan hünärmenler üçin niýetlenen maksatnamanyň nobatdaky sany üçin resminamalar ýanwar aýynyň 15-ne çenli kabul ediler.

Türkmenistan bilen bir hatarda 21 ýurtdan hünärmenlere açyk bolan bu maksatnamanyň soňky sanyna 106 zenan gatnaşdy. Öňümizdäki ýylda kabul ediljekleriň sany 108 bolar.

“TechWomen”-iň 2019-njy ýyldaky tapgyryna Türkmenistandan dört zenan hünärmen gatnaşdy. Olaryň ikisi döwlet edaralaryndan bolup, täzeçil tehnologiýalary öz ugurlarynda ulanmak baradaky bilimlerini kämilleşdirdiler.

Maksatnamadan peýdalanmak isleýänler öz ugurlarynda azyndan iki ýyllyk iş tejribeleri bolmaly. Şeýle hem iňlis dilinde kämil ýazuw we gepleýiş ukyplary talap edilýär.

2011-nji ýyldan bäri alnyp barylýan “TechWomen” maksatnamasyna gatnaşyjylar ABŞ-da bäş hepdäniň dowamynda meşhur kompaniýalaryň tejribelerinden peýdalanmaga mümkinçilik tapýarlar. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde 700-e golaý zenan hünärmen bu maksatnama gatnaşdy. 

2022