“Röwşen” hususy kärhanasy gündelik öndürýän erkek, zenan, çaga aýakgaplarynyň mukdaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu taslamany ýerine ýetirmek üçin kärhana ýedi gektar ýer bölünip berildi.
Hususy kärhana tarapyndan iki ýylyň dowamynda gurulmagy meýilleşdirilýän zawodda iň döwrebap enjamlar ýerleşdiriler. Şeýle hem bu toplumda 800 sany täze iş orunlary dörediler.
Häzirki wagtda “Röwşen” aýakgaplarynyň ýylda 300 müň jübüti öndürilip, kärhananyň dükanlarynda ilata ýetirilýär. Täze zawod bu mukdary birnäçe milliona çenli artdyrmaga mümkinçilik döreder.
Oktýabr aýynda “Röwşen” haryt nyşanly aýakgaplaryň 6600 jübütden gowragy ilkinji gezek Russiýa Federasiýasyna eksport edildi. Aýakgaplar mundan ozal Belarus Respublikasyna, Ukraina, Täjigistana, Gyrgyzystana, Owganystana we Gazagystana iberilipdi.
100% gönden tikilýän aýakgaplaryň çig maly ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklary we derileri hususy iberijiler bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýan “Maksat Deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde öndürilýär.