Türkmenistan Afrika döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýygjamlaşdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Afrika döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýygjamlaşdyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz Afrika ýurtlary bilen özara saparlaryň sanyny artdyrarys.”

Türkmenistan Afrika kontinentiniň döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýygjamlaşdyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy dekabrda geçiren Halkara Bitaraplyk gününiň öňýanyndaky Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň beýleki döwletler bilen gatnaşyklary barada aýtdy.

Soňky ýyllarda Afrika kontinentiniň döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak üçin köp işler edilýändigini bellän Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Biz bu işi dowam ederis hem-de Afrika ýurtlary bilen özara saparlaryň sanyny artdyrarys” diýip belläp geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň diplomatik düzüminiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiren giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Afrika döwletleri bilen hyzmatdaşlyk edip başlandygyny, Afrika Bileleşigi hem-de Demirgazyk we Günbatar Afrikanyň ýurtlary bilen gatnaşyklary ýola goýýandygyny aýdyp, şuny nazara almak bilen, bu hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. Şeýle hem Türkmenistanda 45 sany daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistandaky akkreditlenen diplomatik wekilhanalary hereket edýär.

Şu ýylyň iýul aýynda Nigerde geçirilen Afrika Bileleşiginiň nobatdan daşary sammiti bu yklymyň ýaşaýjylaryna taryhy täzelik getirdi. Afrika ýurtlarynyň Liderleri Afrika yklymynyň erkin söwda zolagyny ýola goýmak hakynda ylalaşyk gazandylar.

2022