Birža söwdalaryny geçirmegiň täze tertibi tassyklandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Birža söwdalaryny geçirmegiň täze tertibi tassyklandy
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda eksport-import amallaryny düzgünleşdirýän baş edara hökmünde DHÇMB-niň işinde guramaçylyk çemeleşmeleri döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.

Türkmenistanda birža söwdalaryny geçirmegiň Tertibiniň täzeden işlenen görnüşi tassyklandy.

Anna günündäki Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Çary Gylyjow nebitgaz pudagynyň, oba hojalyk hem-de senagat we kommunikasiýa toplumlarynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň Tertibiniň täzeden işlenen görnüşini hödürledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny düzgünleşdirýän baş edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işinde guramaçylyk çemeleşmeleri döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutany hödürlenen taslamany makullap, degişli Kararyň taslamasyna gol çekdi hem-de birža söwdalaryny geçirmegiň täze tertibini tassyklady.

Täze tertip önümleriň ýerlenilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, geleşikleri baglaşmagyň kadalaryny düzgünleşdirmäge, elektron söwdalary geçirmek üçin şertleri döretmäge, işewürlik işlerine degişli amallara gözegçilik edilişini gowulandyrmaga, harytlar üçin amatly bahalary emele getirmäge hem-de eksportyň mukdaryny artdyrmaga gönükdirilendir.

Kararyň esasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna, oba hojalyk hem-de senagat we kommunikasiýa toplumlaryna degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Döwlet haryt-çig mal biržasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022