Türkmenistan we Pakistan TOPH ätiýaçlandyryşy boýunça gepleşikler geçirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Pakistan TOPH ätiýaçlandyryşy boýunça gepleşikler geçirer
TOPH gaz geçirijisi doly ulanmaga berlenden soň, ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýakyn wagtda Türkmenistan we Pakistan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisinden tebigy gazyň ätiýaçlandyryş meseleleri boýunça gepleşikler geçirer. Gepleşikler 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda meýilleşdirilýär. Bu barada “The News” gazeti Pakistanyň Energetika ministrligine salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, Türkmenistan Pakistana, Owganystanyň üstünden gazgeçirilişiniň dowamynda gaz ýitgileriniň ätiýaçlandyryş ulgamyny hödürleýär.

Bu meselä türkmen wekiliýetiniň Pakistana amala aşyrjak saparynyň dowamynda giňden serediljekdigi barada maglumatda berilýär.

Şeýle-de, taraplaryň türkmen gazynyň hasaplaşyk mehanizmi boýunça ylalaşyk gazanmaklaryna garaşylýar.

Umumy uzynlygy 1840 kilometre barabar boljak TOPH gazgeçirijisi doly ulanmaga berlenden soň, ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik berer.