Azerbaýjan türkmen raýatlaryna wiza almagy ýeňilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjan türkmen raýatlaryna wiza almagy ýeňilleşdirýär
Azerbaýjan Respublikasynyň “ASAN Viza” elektron ulgamy 2017-nji ýylda işe girizildi.

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň çägi bilen halkara gatnawlaryna gatnaşyjylar Baku şäheriniň halkara deňiz söwda portunda “ASAN Viza” elektron ulgamyň üsti bilen Azerbaýjan Respublikasyna ýeňillikli ýagdaýda wiza alyp bilerler. Bu barada Azerbaýjanyň habar beriş serişdelerinde aýdylýar.

2019-njy ýylyň fewral aýynyň 22-ne Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisi 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň 22-ne gol çekilen “Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň çägi bilen halkara gatnawlaryna gatnaşyjylar üçin wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmek boýunça Ylalaşygy” tassyklady.

Azerbaýjan Respublikasynyň “ASAN Viza” elektron ulgamy 2017-nji ýylda işe girizildi. Bu ulgam ýurda girmek üçin wizalary gysga wagtyň dowamynda almak mümkinçiligini döredýär. Geçen ýylyň hasabatyna görä, bu ulgamyň üsti bilen 685 müň wiza berlendigi barada bellenip geçilýär.

Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde 2018-nji ýylyň dowamynda bu ulgamyň birnäçe terminallary işe girizildi.

2022