“Ak Ýaprak” “Tetra Pak”-yň önümlerini ulanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak Ýaprak” “Tetra Pak”-yň önümlerini ulanýar
Miwe suwlarynyň önümçiliginde Germaniýadan, Polşadan, we Türkiýeden alynýan dürli miweleriň konsentrirlenen şiresi täzeden dikildilýär hem-de konserwantsyz şerbetler öndürilýär.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Ak ýaprak” hojalyk jemgyýetiniň miwe suwuny öndürýän kärhanasynda “7 gün” haryt nyşanly şerbetli içgileriň 10-a golaý görnüşi öndürilýär.

Kärhananyň önümçilik sehlerinde Şwesiýanyň “Tetra Pak” kompaniýasynyň önümlerini ulanýar. Şeýle-de kärhanada Türkiýäniň, Gollandiýanyň we Italiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdylandyr. Bu enjamlar sagatda sekiz müň litr şerbetli suwy öndürmäge mümkinçilik berýär.

Miwe suwlarynyň önümçiliginde Germaniýadan, Polşadan, we Türkiýeden alynýan dürli miweleriň konsentrirlenen şiresi täzeden dikildilýär hem-de konserwantsyz şerbetler öndürilýär.

“Ak ýaprak” hojalyk jemgyýeti 2014-nji ýyldan bäri hereket edýär. Bu kärhana “7 gün” haryt nyşanly şerbetli içgilerden başga-da, “Içäý” sowuk çaýlaryny hem öndürýär.

Jemi bäş gektar meýdany eýeleýän kärhanada häzirki wagtda 90-a golaý hünärmen zähmet çäkýär. Şeýle hem önümleri daşamak üçin 15 sany ulag gije-gündiziň dowamynda hereket edýär.

2022