Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod Beýik Britaniýanyň Himiýa inženerleriniň akademiýasy – “IChemE”-niň önümçiligiň innowasion häsiýetini tassyklaýan halkara güwänamalaryna mynasyp boldy.
Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilen Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Býorn Stefan Klauzen güwanamalary türkmen Liderine gowşurdy.
“Haldor Topsoe” kompaniýasy dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawodda ornaşdyrylan TIGAS (tebigy gazdan sintetiki benziniň alynmagy) tehnologiýasyny işläp taýýarlady. Ol ýokary netijeli katalizatorlar bilen utgaşdyrylyp, energiýa harajatlarynyň hem-de daşky gurşawa täsiriniň azlygy bilen birlikde, ýokary hilli benzini öndürmäge mümkinçilik berýär.
Kärhanada her ýyl “mawy ýangyjyň” 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işlenilip, şondan EURO-5 ölçegine kybap gelýän ECO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasy, dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy hem-de suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy öndürilýär.
“Haldor Topsoe” kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän prosesi işläp taýýarlan dünýäde ýeke-täk kompaniýa bolmak bilen, onuň TIGAS tehnologiýasy senagatda ilkinji gezek Türkmenistanda ulanyldy.
“IChemE” halkara baýragy 25 ýyl bäri himiýa inženerligi babatynda kämil işlere gowşurylýar. 1922-nji ýylda açylan Himiýa inženerleriniň akademiýasy (IChemE) tarapyndan gowşurylýan bu baýraga öz ugrunda dünýäniň iň abraýly baýragy hökmünde garalýar.