“Lebapetönümleri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze ýylyň öňýanynda şöhlat önümleriniň 18 görnüşini ilata ýetirmäge başlady.
Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Lebapetönümleri" dekabr aýynda 20 tonnadan gowrak et önümlerini satuwa çykardy. Şu ýylyň dowamynda bolsa kärhana tarapyndan 347 tonna et we et önümleri öndürildi.
“Lebapetönümleri" kärhanasynda öndürilen önümleriň aglaba bölegi şöhlat önümlerinden ybarat bolup, olaryň kakadylan, ýarym kakadylan, gaýnadylan görnüşleri, şeýle hem büzmeçler, üwelen et ilata ýetirilýär.
Täze ýyl mynasybetli gurnalan welaýatyň göçme bazarlaryna “Lebapetönümleri"-niň azyk harytlary yzygiderli iberilip durulýar.