Russiýanyň ÇTPZ kärhanasy TOPH üçin turbalary Türkmenistana doly iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýanyň ÇTPZ kärhanasy TOPH üçin turbalary Türkmenistana doly iberdi
ÇTPZ Türkmenistana TOPH gazgeçirijisini gurmak üçin 150 müň tonnadan ybarat 214 kilometrlik turbalary iberdi.

Russiýanyň Çelýabinsk turba öndüriji zawody (ÇTPZ) “Türkmengaz” döwlet konserniniň sargydy esasynda TOPH gazgeçirijisini gurmak üçin 150 müň tonnadan ybarat 214 kilometrlik turbalary Türkmenistana doly mukdarda iberdi.

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çäginde guruljak turbalaryň diametri 1,422 mm bolup, antikorroziýa örtügi bilen örtülen we X70 berklikli metaldan ýasalan.

Taslamany durmuşa geçirmek üçin Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Sberbank” maliýe hyzmatlary kompaniýasynyň, Yslam ösüş bankynyň we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň arasynda ÇTPZ kompaniýasynyň haýryna 200 million ABŞ dollaryna barabar töleg amala aşyrmakda ylalaşyldy.

ÇTPZ we “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda 200 million ABŞ dollaryndan gowrak möçberde turba üpjünçiligi boýunça şertnama şu ýylyň aprel aýynda gol çekilipdi.

Umumy uzynlygy 1,814 kilometrlik TOPH gazgeçirijisi Türkmenistanyň (214 kilometr) “Galkynyş” gaz käninden çykýan tebigy gazy Owganystanyň (774 kilometr) üsti bilen Pakistana (826 kilometr), ol ýerden bolsa Hindistana iberer. Gazgeçirijiniň göwrümi ýyllyk 33 milliard kub metrlik tebigy gaza barabar bolar.

Russiýanyň ÇTPZ kompaniýasy gurluşygy dowam edýän TOPH gazgeçirijisini turba bilen üpjün etmek boýunça “Türkmengaz” döwlet konserniniň tender toparynyň yglan eden bäsleşiginde 94 gatnaşyjynyň arasynda ýeňiji boldy.

2022