“Bars” haryt nyşanly önümleriň görnüşleri ýigrimä ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Bars” haryt nyşanly önümleriň görnüşleri ýigrimä ýetdi
"Bars" kärhanasynda ýylda 3 müň tonnadan gowrak şokolad öndürmäge mümkinçilik bar.

“Bars” haryt nyşanly süýji we şokolad önümleriniň görnüşini ýigrimä ýetirdi. Ilatyň arasynda giňden tanalýan “Bars” konditer önümlerini öndürýän kärhananyň süýjülikleri ýurduň ähli nokatlarynda alyjylara ýetirilýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanada ýylda 3 müň tonnadan gowrak şokolad öndürmäge mümkinçilik bar. Telekeçi M.Amanowyň bu kärhanasynyň täze binasy 2015-nji ýylyň dekabr aýynda açylyp, önümleriň görnüşlerini ýediden on ikä çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik beripdi.

Hemişe täze görnüşli önümleriň gözleginde bolýandyklaryny aýdan kärhananyň önümçilik müdiri Salyh Kakabaýew, “Sanlyja gün mundan ozal, täze ýylyň öňüsyrasynda “Koko bars” ady bilen önümiň täze görnüşini öndürip başladyk” diýip, önümçilikleri barada gürrüň berdi.

“Täze ýylyň başynda “Kerwen”, “Batonjyk” ýaly täze görnüşli şokoladlaryň önümçiligini hem ýola goýmagy maksat edinýäris” diýip, Kakabaýew geljekki meýilnamalary hakynda belläp geçdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan telekeçi Amanow “Bars” konditer önümleri bilen halkara sergilerine hem yzygiderli gatnaşyp durýar.

2022