“Her gün”-de her gün 2.5 tonna süýtden önüm taýýarlanylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Her gün”-de her gün 2.5 tonna süýtden önüm taýýarlanylýar
“Her gün”-de her gün sygyr süýdüniň 2.5 tonnasy gaýtadan işlenilip, süýt, gatyk, gaýmak, dorog, peýnir önümleri taýýarlanyp ilata ýetirilýär.

“Her gün” hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda süýt önümlerini öndürmek bilen meşgullanýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Her gün”-de her gün sygyr süýdüniň 2.5 tonnasy gaýtadan işlenilip, süýt, gatyk, gaýmak, dorog, peýnir önümleri taýýarlanyp ilata ýetirilýär.

Kärhanada Türkiýäniň we Nederlandlaryň döwrebap tehnikalary ulanylyp, süýt önümlerinden başga-da, çipsleriň bäş görnüşi, tagamly guradylan çörek bölejikleriniň alty görnüşi öndürilýär. Bu önümleriň her gün 36 müň gaby taýýarlanylýar.

2022