Aşgabatda we Duşanbede iki ýurduň Söwda öýlerini açmak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda we Duşanbede iki ýurduň Söwda öýlerini açmak meýilleşdirilýär
Türkmen-täjik hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisinde telekeçilik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy nygtaldy.

Geçen hepdäniň penşenbe güni Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde Täjigistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farruh Şarifzoda bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Orazmyrat Gurbannazarow gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-täjik söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda iki ýurduň arasynda söwda hyzmatdaşlygyny mundan belýäk hem giňeltmek maksady bilen Aşgabatda we Duşanbede ýurtlaryň Söwda öýlerini açmak boýunça pikir alşyldy.

2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirilipdi. Mejlisde birek-birege iberilýän harytlaryň görnüşini we mukdaryny hem-de edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmegiň, telekeçilik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy nygtaldy.

2022