“Ýolaşan” ýol bitumyny ýük awtoulagynda daşan ilkinji türkmen logistika kompaniýasydyr

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýolaşan” ýol bitumyny ýük awtoulagynda daşan ilkinji türkmen logistika kompaniýasydyr
“Ýolaşan” hususy kärhanasy ýük awtoulaglarynda ýol bitumyny daşary ýurtlara daşamakda Türkmenistanda ilkinji hususy kärhanasy boldy.

“Ýolaşan” hususy kärhanasy ýük awtoulaglarynda ýol bitumyny daşary ýurtlara daşamakda Türkmenistanda ilkinji hususy kärhanasy boldy diýlip, kompaniýanyň resmi saýtynda 27-nji dekabrda goýan maglumatynda habar berilýär.

Habara laýyklykda, kärhana Balkan welaýatynda ýerleşýän Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) tarapyndan öndürilýän ýol bitumyny daşamak işlerini amala aşyrýar.

Kärhananyň ýolbaşçylary ýol gurluşyk taslamalarynda giňden ulanylýan ýol bitumyny daşamagyň ýola goýulmagynyň uly ähmiýete eýedigini belleýärler.

TNGIZT esasy eksport ugruny düzýän etilirlenmedik awtobenzinler, awiasion we tehniki kerosin, reaktiw we dizel ýangyçlary, mazut, çalgy ýaglary, polipropilen, binýatlyk ýagy, nebit koksy, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumyny we başga-da köpsanly nebithimiýa önümlerini öndürýär.

TNGIZT içerki bazary ýol bitumy bilen üpjün etmek bilen bir hatarda daşary ýurda hem eksporty amala aşyrýar.