“Xiaomi” maliýe goýumyny $7 milliarda çenli artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Xiaomi” maliýe goýumyny $7 milliarda çenli artdyrýar
“Xiaomi Corp” kompaniýasynyň Hytaýdaky bir söwda nokady

Hytaýyň öýjükli telefonlary öndürýän “Xiaomi Corp” kompaniýasy öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda emeli aňy we 5G internet ulgamyny ösdürmek üçin 50 milliard ýuan ($7.18 mlrd) maliýe goýumyny goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada penşenbe güni “Xiaomi”-niň Baş direktory Leý Szýun kompaniýanyň sosial torunda mälim etdi.

“Biz kompaniýada emeli aň we internet tehnologiýlary (AIoT) bilen bagly bar bolan artykmaçlyklardan peýdalanyp üstünlige ýetmegi we liderligi saklamagy maksat edinýäris” diýip, Leý Szýun belläp geçdi.

Geljek bäş ýylyň dowamynda “Hemme zat AioT üçin” strategiýasyna 10 milliard ýuan maliýe goýumyny goýmak baradaky maksatnamany kabul eden “Xiaomi” bu mukdary 50 milliard ýuana çenli artdyrdy.

Pekinde ýerleşýän bu kompaniýa ýönekeý öýjükli el telefonlarynyň önümçiliginden başlap, häzirki wagtda dürli görnüşli elektronika önümlerini, şol sanda smart telewizorlary we tüwi gaýnadyjylary hem öndürýär.

Muňa garamazdan, “Xiaomi” geçen ýylyň üçünji çärýeginde beýleki öndürijileriň hasabyna Hytaýyň smart telefonlarynyň bazarynyň 42% özüne alan “Huawei” kompaniýasy tarapyndan bäsdeşlige sezewar bolýar.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda kompaniýanyň Baş direktory Leý Szýun, “Xiaomi”-niň 2020-nji ýylda 5G internet ulgamly öýjükli telefonlaryň 10-dan gowrak görnüşini öndürjekdigini aýtdy.

2016-njy ýylyň ahyrlarynda Türkmenistanda satylmaga başlanan “Xiaomi” kompaniýasynyň telefonlary 11.71%-lik görkeziji bilen ýurtda iň köp ulanylýan telefonlaryň arasynda ikinji orna ýerleşdi. “Xiaomi”-niň telefonlary geçen ýylyň awgust aýynda has köp satyldy we bazar paýy 13%-e golaýlady.

Häzirki wagtda Türkmenistandaky telefon ulanyjylarynyň 66%-den gowragy “Samsung”-yň enjamlaryndan peýdalanýan bolsalar, 5.18%-i “iPhone” ulanýar.

2022