“Hoşwagt” önümleriniň görnüşlerini artdyrmagyň ugrunda

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Hoşwagt” önümleriniň görnüşlerini artdyrmagyň ugrunda
Kompaniýanyň önümçilik desgalarynda 150 adam zähmet çekýär.

“Miweli ülke” hususy kärhanasy “Hoşwagt” haryt nyşanly gantlarynyň görnüşini bäşe ýetirdi. Ýer tudana, limon we beýleki görnüşli tagamlar bilen baýlaşdyrylan gantlar ýurduň söwda nokatlarynda ilata ýetirilýär.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän hususy kärhananyň önümçilik desgasynda “Hoşwagt” haryt nyşanly çigitler, çipsler, kofeler, mekgejöwen taýajyklary, bally patraklar öndürilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Miweli ülke” hususy kärhanasy önümçiligine çigit gaplamak bilen 2016-njy ýylda başlady.

Häzirki wagtda kärhananyň önümleri Gazagystana, Özbegistana, Gyrgyzystana, BAE we Owganystana eksport edilýär.

ISO we HALAL laýyklyk sertifikatlaryny alan kompaniýanyň önümçilik desgalarynda 150 adam zähmet çekýär.