Saud ösüş gaznasy TOPH gazgeçirijisini maliýeleşdirmäge karz serişdesini berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Saud ösüş gaznasy TOPH gazgeçirijisini maliýeleşdirmäge karz serişdesini berer
Uzynlygy 1,840 kilometre barabar boljak TOPH gazgeçirijisi ulanmaga berlenden soň, ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik berer.

Saud ösüş gaznasy Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gazgeçirijisini maliýeleşdirmäge pul serişdesini berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, TOPH gazgeçirijisiniň taslamasyna maýa goýumlary çekmek maksady bilen penşenbe güni Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň – Karz alyjynyň adyndan TOPH gazgeçirijisiniň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen degişli Maliýeleşdiriliş ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

2017-ni ýylyň noýabr aýynyň başynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň Er-Riýadda geçirilen bäşinji mejlisinde Saud ösüş gaznasy Aşgabat tarapyndan başlangyjy öňe sürlen TOPH gazgeçirijisiniň taslamasyna goldaw bermäge gyzyklanma bildiripdi. Noýabr aýynyň ahyrynda bolsa, Döwlet daşary ykdysady iş banky TOPH gazgeçirijisi üçin niýetlenen turbalaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen maliýe şertnamasyny baglaşdy.

Umumy uzynlygy 1,840 kilometre barabar boljak TOPH gazgeçirijisi doly ulanmaga berlenden soň, ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik berer.

2022