Täjirçilik syryny düzýän habara aşakdakylar degişli bolup biler:
- kärhananyň, guramanyň, edaranyň ýa-da ýekebara telekeçiniň tehnologik, önümçilik, guramaçylyk, harytşynaslyk, intellektual, mazamlaýyş we gaýry aýratynlyklary hakyndaky maglumatlar;
- kärhananyň, guramanyň, edaranyň ýa-da ýekebara telekeçiniň hünärlilik, işewür, önümçilik, bank we beýleki bähbidi bolup durýan maglumatlar;
- önümçiligiň dolandyryş gurluşy hakyndaky maglumatlar;
- maliýeleşdiriş çeşmeleri hakyndaky maglumatlar;
- baglaşylan geleşikler, ulanylýan nyrhlar hakyndaky maglumatlar;
- uly mümkinçiligi bolan alyjylar we önüm iberijiler hakyndaky maglumatlar;
- kärhananyň, guramanyň, edaranyň ýa-da ýekebara telekeçiniň patentlenmedik ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary;
- kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň işgärleri ýa-da ýekebara telekeçi tarapyndan döredilen EHM üçin maglumatlar gorlary we maksatnamalary;
- hasaphana hasaba alnyşynyň we içerki hasaphana hasabatlylygynyň sanawlarynyň mazmuny;
- şu kanuna we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda täjirçilik syryna degişli edilen gaýry maglumatlar.
Karz edarasynyň müşderileri we korrespondentleri, olaryň bank hasaplary we olar boýunça amallar, goýumlar, çekilen we ýerleşdirilen pul serişdeleri, fiziki şahslaryň hasap açmazdan, karz edaralarynyň üsti bilen amala aşyran pul geçirimleri, müşderiniň karz edarasynyň saklamagynda duran pul serişdeleri we başga gymmatlyklary hakynda "Karz edaralary we bank işi hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda bank syry bolup durýan maglumatlar täjirçilik syryny düzýän maglumatlara degişlidir.
Täjirçilik syryny düzýän habar kagyz we magnit geçirijide, ses we görnüş ýazgysy, kino, fotoplenka görnüşinde bolup biler.
Täjirçilik syryna degişli bolmadyk habar
Täjirçilik syryny düzüp bilmejek habara şular girýär:
- esaslandyryş resminamalary (kärhanany döretmek hakyndaky karar ýa-da esaslandyryjylaryň şertnamasy, esasnama);
- täjirçilik (telekeçilik) işi, şol sanda ygtyýarnama alynmaga (bellige alyş şahadatnamalary, ygtyýarnamalar, patentler) degişli işler bilen meşgullanmaga hukuk berýän resminamalar;
- bellenilen görnüşler boýunça statistik hasabatlylygyň, şeýle hem maliýe-ykdysady işi hakyndaky hasabatlylygyň maglumatlary we salgytlaryň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki hökmany tölegleriň hasaplanylyşynyň we tölenilişiniň dogrulygyny barlamak üçin zerur bolan gaýry maglumatlar;
- tölege ukyplylygy hakyndaky resminamalar;
- işleýänleriň sany, düzümi, olaryň iş haky we zähmet şertleri hakyndaky maglumatlar, şeýle hem boş iş orunlarynyň barlygy hakyndaky maglumatlar;
- töwerekdäki gurşawyň hapalanmagy, antimonopol kanunçylygyň bozulmagy, zähmeti goramagyň kadalarynyň berjaý edilmezligi, ilatyň saglygyna zyýan ýetirýän önümiň ýerleşdirilendigi hakyndaky, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynyň beýleki bozulmalary we şunda ýetirilýän zyýanyň möçberleri hakyndaky maglumatlar.
Döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak geçirilende aşakdaky maglumatlar täjirçilik syryna degişli edilip bilinmez:
- kärhananyň emläginiň we onuň pul serişdeleriniň möçberleri hakyndaky;
- beýleki kärhanalaryň girdeji aktiwlerine (gymmatly kagyzlar), esasnama gaznalaryna, göterimleýin obligasiýalaryna we karzlara serişdeleri goýmak hakyndaky;
- kärhananyň karz, söwda we gaýry borçnamalary hakyndaky.
- döwlete dahylsyz kärhanalar, döredijilik we wagtlaýyn zähmet toparlary, şeýle hem aýry-aýry raýatlar bilen şertnamalar hakyndaky.
Täjirçilik syryny düzýän habary goramagyň tertibi
Türkmenistanyň “Täjirçilik syry hakynda” kanunyna laýyklykda täjirçilik syryny düzýän habary goramagyň tertibi oňa hukuk taýdan eýelik ediji tarapyndan täjirçilik syryny goramak hakyndaky gözükdirmede kesgitlenilýär.
Täjirçilik syryny goramak hakyndaky gözükdirmede aşakdakylar bolmalydyr:
- täjirçilik syryny düzýän habaryň düzümi we möçberi;
- täjirçilik syryny düzýän habaryň ýörite belligini dakmagyň we aýyrmagyň tertibi;
- şahsyň (şahslaryň) täjirçilik syryny düzýän habara bolan ygtyýarynyň şertleri;
- resminamalary we beýleki habar göterijileri, maglumatlary, täjirçilik syryny düzýän önümleri peýdalanmagyň, hasaba almagyň, saklamagyň we şolara nyşan goýmagyň tertibi;
- täjirçilik syryny düzýän habary alýan şahslary hasaba almagyň görnüşi;
- täjirçilik syryny düzýän habaryň dogry peýdalanylyşyna gözegçiligi guramagyň görnüşi;
- haýsydyr bir bilelikdäki hereketleri geçirmek hakyndaky şertnamalar (kontraktlar) baglaşylanda ony saklamak boýunça taraplaryň özara borçnamalary kabul etmeginiň tertibi.
Şertnamalaýyn gatnaşyklar amala aşyrylanda täjirçilik syryny goramak
Кärhanalar, guramalar, edaralar, ýekebara telekeçiler tarapyndan söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, walýuta-maliýe we beýleki gatnaşyklar, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar amala aşyrylanda ylalaşýan taraplar täjirçilik syryny düzýän habaryň häsiýetini, düzümini, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň saklanylyşyny üpjün etmek boýunça özara borçnamalary ýörite belläp bilerler.
Täjirçilik syry hakyndaky kanunçylygyň bozulmagy üçin jogapkärçilik
Täjirçilik syryny düzýän habary peýdalanmagyň, ýaýratmagyň, saklamagyň we goramagyň şu kanun ýa-da hukuk eýesi tarapyndan bellenilen tertibini bozýan kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň wezipeli şahslary, işgärleri, beýleki jismi şahslar we edara görnüşli taraplar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçiligi çekýärler.
BT Hukuk Bölümi