“Batly-Gadam”-yň daşary ýurt bazarlaryna gadamy düşdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Batly-Gadam”-yň daşary ýurt bazarlaryna gadamy düşdi
2019-njy ýylda 21 million jübüte golaý jorap öndüren hususy dokmaçylar olaryň aglabasyny Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň sarp edijilerine ugratdylar.

Ýurduň günbatar sebitinde ýerleşýän zawodynda ýüplük we jorap önümçiligini ýola goýan “Batly–Gadam” hususy kärhanasy öndürýän ýüplükleriň 90 göterimini daşarky bazarlara eksport etdi.

Kärhananyň Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň enjamlary bilen üpjün edilen ýüplük önümçiligi bölüminde her günde 13.5 tonna golaý ýokary hilli ýüplük taýýarlamak baradaky meýilnama ýerine ýetirilýär. Geçen ýyl ýüplükleriň 3 müň 826 tonnasy Russiýa we Türkiýä ugradyldy.

“Batly–Gadam” ýüplük boýagynda Germaniýanyň, şeýle-de jorap önümçiliginde Italiýanyň enjamlaryny ulanýar. Gündelik iş meýilnamasy boýunça zawodda bäş tonna ýüplük boýalyp, 50 müň jübüt jorap taýýarlanylýar.

2019-njy ýylda 21 million jübüte golaý jorap öndüren hususy dokmaçylar olaryň aglabasyny Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň sarp edijilerine ugratdylar.

Kärhana, täze ýylyň ilkinji günlerinde öndürýän täze önümlerini daşarky bazarlara ýollamaga taýýarlyk görýär. 2019-njy ýylda “Batly–Gadam” öz hususy 1,750 gektar meýdanynda ýetişdiren hasylyny çig mal hökmünde ulanmaga başlady.

2022