Ýerli önüm: “Türkmen enjam” polimer turbalaryň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýerli önüm: “Türkmen enjam” polimer turbalaryň önümçiligini ýola goýdy
Kärhanada her gün 200 metrden 1000 metre çenli polimer ‘geçirijileri’ öndürilýär.

Desgalary döwrebaplaşdyrmak we gurluşyk gurnama işleri bilen meşgullanýan “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýeti polietilen we polipropilen suw we lagym turbalarynyň önümçiligine başlady. Diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli bolan bu turbalar himiki durnuklylygy we 50 ýylyň dowamynda 10-16 atmosfer basyşy saklamak ukyby bilen tapawutlanýar.

Hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat toplumynda ýerleşýän zawodynda Germaniýanyň önümçilik enjamlary oturdylyp, uly we kiçi diametrli suw turbalary, şeýle hem uly diametrli lagym turbalar we elektrik kabellerini geçirmek üçin gofrirlenen turbalar öndürilýär.

Kärhanada her gün 200 metrden 1000 metre çenli polimer ‘geçirijileri’ öndürilýär. Täze enjamlaryň oturdylmagy kommunal we gurluşyk kärhanalaryny dürli görnüşli ýerli turbalar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Önümçilik üçin çig malyň esasy bölegi Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumyndan getirilýär.

Polimer önümleriniň senagat önümçiligi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýetiniň işinde täze ugrudyr. 2007-nji ýylda esaslandyrylan “Türkmen enjam” Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde 20-den gowrak desgalaryň döwrebaplaşdyryş we gurluşyk gurnama işlerine gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022