“Airbus”-yň “Beluga XL” uçary asmana galýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Airbus”-yň “Beluga XL” uçary asmana galýar
“Beluga XL” “Airbus A300-600ST” kysymly uçaryň nesli bolup, 1995-nji ýyldan bäri uçuşy amala aşyrýan “Beluga ST” kysymy bilen tanalýar.

Dünýäde iň uly uçarlary öndürýän “Airbus” kompaniýasy duşenbe güni ýük uçary bolan “Beluga XL” kysymly uçaryny 9-njy ýanwarda geçirilen synag uçuşyndan soň işe girizdi.

“Beluga XL” dünýäde iň uly uçarlaryň biri bolar. Bu äpet ýük uçarynyň ýolagçy gatnawlaryna elýeterli däldigine garamazdan, “Airbus” öz önümçilik meýdançalarynyň we Fransiýanyň Tuluz, Germaniýanyň Gamburg, şeýle hem Hytaýyň Týanszin şäherlerinde ýerleşýän soňky gurnama nokatlarynyň arasynda uçar böleklerini daşamak üçin peýdalanar.

Bu ýük uçary “Airbus A300-600ST” kysymly uçaryň nesli bolup, 1995-nji ýyldan bäri uçuşy amala aşyrýan “Beluga ST” kysymy bilen tanalýar.

Bu uçar “Beluga ST” kysymy bilen bir hatarda uçuşa başlan 6 sany “Beluga XL” kysymly uçaryň ilkinjisi bolup, beýleki uçarlaryň uçuşy 2020-2023-nji ýyllar aralygynda meýilleşdirilýär.

“Airbus” kompaniýasynyň “Beluga XL” kysymly uçarynyň kuwwaty hereket edýän “Beluga” kysymlaryndan 30 göterim ýokarydyr. Uzynlygy 63 metre barabar bolup, agramy 127,4 tonnadyr.

“Beluga XL”-iň daşky keşbi arktiki Belugasyna meňzeşligi üçin “uçýan kit” adyny aldy. Meňzeşligi görkezmek üçin Airbus kompaniýasynyň hünärmenleri uçaryň öň tarapyna mähirli ýylgyrýan keşpi saýlady.

Uçaryň dizaýny şol bir wagtda funksional we enaýydyr. Uly göwrümli ýük bölümine “Airbus A350” kysymly uçaryň iki ganatyny sygdyryp bolýar (köne “Beluga” diňe birini daşamaga ukyplydy). Şeýle hem, öň tarapynyň kit görnüşinde bolmagy uçaryň aerodinamikasynyň täsirini artdyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022