“Berkarar” gämisiniň Bakunyň we Astrahanyň portlaryna aýak basan ilkinji gününe bäş ýyl boldy.
Azerbaýjanyň “ABC” internet neşiriniň Bakunyň halkara deňiz portuna salgylanyp berýän habaryna görä, geçen şol döwürde “Berkarar” Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda 22 müňe golaý dürli görnüşli tehnika we ýolagçy gatnatdy.
Hazaryň garşy kenaryndaky porta ilkinji barşynda 47 sany tehnikany we 8 sany ýolagçyny elten gämi, bu görkezijini soňky gatnawlarda has artdyrdy.
“Berkarar” özüniň ilkinji ýüzüşini Russiýanyň Astrahan oblastynyň Olýa portuna amala aşyrypdy. Şonda gurluşyk harytlaryny äkiden gämi 24 sagadyň dowamynda bellenen nokada ýetdi. Bu ýüzüşiň hem üstünden bäş ýyl geçdi.
RO-PAX görnüşli “Berkarar” gämisi Horwatiýanyň “Uljanik” zawodynda gurnalyp, 2014-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenbaşy portuna getirildi. Gämi 200 ýolagçyny, 2,400 tonna ýüki we 54 agyr ulagy sygdyrmaga ukyplydyr.