Haýalladylan kokslamak enjamy TNGIZT-iň önümçilik güýjüne täsirini ýetirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Haýalladylan kokslamak enjamy TNGIZT-iň önümçilik güýjüne täsirini ýetirer
Täze enjamlaryň gurnalmagy TNGIZT-iň nebiti gaýtadan işlemek güýjüni 10-20 göterime çenli artdyrar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň WTL (FZE) we ABŞ-niň “Westport Trading Europe Limited” kompaniýalary Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) haýalladylan kokslamak enjamyny gurnamaga başladylar.

Haýalladylan kokslamak enjamynyň gurluşygyny tamamlamak boýunça yglan edilen tenderde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda tanalýan “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasy ýeňiş gazandy. Bu kompaniýa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýylda 37.2 müň tonna ýokary hilli ýol bitumyny öndürýän desgany gurupdy.

Kompaniýa TNGZIT-de iki bölekden ybarat bolan haýalladylan kokslamak we gudrony deasfaltlaýan desgalar toplumlaryny gurmagy meýilleşdirýär. Bu oturdylmaly enjamlaryň esasy wezipesi gudronyň we mazutyň agyr galyndysyny gaýtadan işlemekdir.

Zawodlar toplumynda oturdyljak enjam nebiti gaýtadan işlemek pudagynda öňde barýan “Foster Wheeler” kompaniýasy tarapyndan kepil geçilip, kuwwaty ýylda 900 müň tonna önüm öndürmäge ukyplydyr.

Ýylda 500 müň tonna önüm öndürmäge ukyply gudrony deasfaltlamak enjamynyň esasy çig maly mazutyň gaýtadan işlenilen galyndysydyr.

Täze enjamlaryň gurnalmagy TNGIZT-iň nebiti gaýtadan işlemek güýjüni 10-20 göterime çenli artdyrar. Haýalladylan kokslamak enjamyndan alnan kokslanan benzin A-80 ýangyjynyň önümçiliginde esasy çig mal bolup durýar, şeýle-de ýokary oktanly we Ýewro-5 ölçegine gabat gelýän benzin önümçiliginde hem peýdalanylyp bilner.

Ulanyşa beriljek täze enjamlar TNGIZT-de nebit koksunyň, benziniň, suwuklandyrylan gazyň we ýokary hilli ýol bitumynyň önümçiligini artdyrar.