Hytaý 2020-de tebigy gazyň ulanyş möçberini artdyrmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý 2020-de tebigy gazyň ulanyş möçberini artdyrmakçy
“PetroChina”: Hytaýda tebigy gazyň importy 9.3 göterime çenli, ýagny 150 milliard kub metre çenli ýokarlandyrylar.

2020-nji ýylda Hytaý öz çäginde tebigy gazyň ulanyş möçberini artdyrmagyny dowam eder. Bu barada Hytaýyň “Sinhua” resmi habar agentligi habar berýär.

Hytaýyň iň uly nebit we gaz öndüriji kompaniýasy “PetroChina”-niň habar bermegine görä, ýurtda tebigy gazyň ulanyş möçberi howanyň hapalanmagyna garşy göreşiň üç ýyllyk maksatnamasyna laýyklykda artdyrylar.

“2020-nji ýylda Hytaýda tebigy gazyň çykarylmagy 8.2 göterim artdyrylar we 187.5 milliard kub metre barabar bolar. Şeýle hem tebigy gazyň importy 9.3 göterime çenli, ýagny 150 milliard kub metre çenli ýokarlandyrylar” diýip, “PetroChina” kompaniýasynyň wekili aýtdy.

Hytaýyň howanyň hapalanmagyna garşy göreşiň üç ýyllyk maksatnamasy 2018-nji ýylda kabul edilipdi.

Türkmenistan Hytaýa tebigy gazyň eksportyny amala aşyrmakda esasy ýurtdur. 2009-njy ýylyň dekabr aýynda “Merkezi Aziýa – Hytaý” gazgeçirijisiniň işe girizilmegi bilen 2019-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli bu gazgeçirijiden Hytaýa 294.6 milliard kub metr “mawy ýangyç” iberildi.

2022