Türkmen-german tegelek stolunda taraplar iş ugurlary bilen tanyşdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-german tegelek stolunda taraplar iş ugurlary bilen tanyşdyrdy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda penşenbe güni türkmen-german tegelek stoly geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda penşenbe güni türkmen-german tegelek stoly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle-de Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika ministrliginiň we kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň açylyşynda Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow Türkmenistanyň Germaniýa bilen geljegi uly ykdysady gatnaşyklary amala aşyrýandygyny aýdyp, 2019-njy ýylyň 11 aýynda daşary söwda boýunça haryt dolanyşygynda Germaniýanyň dokuzynjy orunda durýandygyny belledi.

D.Rejepow “Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan german maýadarlarynyň 57 kompaniýasy we 183-den gowrak bilelikdäki taslamasy hasaba alyndy” diýip aýratyn nygtady.

Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika ministrliginiň Daşary ykdysady syýasaty departamentiniň başlygynyň orunbasary Andreas Nikolin wekiliýetiň düzüminde birnäçe tejribeli kompaniýalaryň bardygyny aýtdy we türkmen ykdysadyýetiniň we senagatynyň sanlaşmagynda hyzmatdaşlyk edip biljekdigini belläp geçdi.

Tegelek stol tamamlanandan soň ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Onda türkmen we german kompaniýalary öz meşgullanýan iş ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Germaniýanyň wekiliýeti Türkmenistana saparynyň çäklerinde “Abadan haly”, “Bir dünýä”, “Täze aý” we “Daýanç Plastik” kompaniýalarynyň önümçilik desgalaryna hem aýlanyp gördüler.

2022