“Aý Mähri” hususy kärhanasy öz önümlerini Stambulyň halkara sergisinde görkezdi.
Türkiýäniň Stambul şäherinde 16-18-nji ýanwarda geçirilen “LeShow Istanbul 2020” atly halkara sergisinde “Aý Mähri” hususy kärhanasynyň gelin-gyzlary tarapyndan taýýarlanylýan el işleri görkezildi.
Kärhanany esaslandyran zenan telekeçi Nurjahan Täçmyradowanyň aýtmagyna görä, sergide görkezilen türkmen el önümleri gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
“Kärhanamyzda taýynlanan “Aý Mähri” (AÝM) haryt nyşanly milli el bukjalary, döwrebap nagyşly lybaslary, şaý-sepleri, nagyşly kemerleri myhmanlarda täsir galdyrdy” diýip, Täçmyradowa belledi.
Şeýle hem çäräniň dowamynda birnäçe duşuşyklar geçirilip, olarda iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk we olary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen önümleri Russiýanyň, Türkiýäniň, Albaniýanyň moda pudagyndaky wekillerinde gyzyklanma döretdi we olar bilen hyzmatdaşlyk barada gepleşikler geçirildi.
Zenanlar üçin niýetlenen milli äheňli köýneklerdir dürli görnüşli aksessuarlary işläp taýýarlaýan “Aý Mähri” (AÝM) brendiniň önümleri geçen ýylyň oktýabrynda Parižde görkezilipdi.
Nurjahan Täçmyradowa geçen ýylyň mart aýynda telekeçilikdäki görkezen üstünlikleri üçin “Ýylyň zenany-2019” adyna mynasyp boldy.
Uly taryha eýe bolan “LeShow” halkara sergisi dürli ýurtlarda geçirilýär. Bu çäre dünýäniň ähli künjeginden professional derejesinde dizaýnerleri, deri önümçiligi bilen meşgullanýanlary, moda dükanlarynyň wekillerini we deri öndürijilerini bir ýerde jemleýän meýdançadyr.