Täjigistan Merkezi Aziýa – Hytaý gazgeçirijisiniň öz bölegindäki gurluşygyny tizleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täjigistan Merkezi Aziýa – Hytaý gazgeçirijisiniň öz bölegindäki gurluşygyny tizleşdirýär
Gazgeçiriji Türkmenistandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan 966 kilometr ýol aşyp, Hytaýa ýetmeli.

Merkezi Aziýa – Hytaý gazgeçirijisi taslamasynyň D bölüminiň Täjigistandan geçýän böleginde ýerleşýän birinji desgasynda gurluşyk işleri şu ýyl tamamlanmagyna garaşylýar.

“TajikTA” agentliginiň habar bermegine görä, Rudaki etrabynyň çäginde birinji tunneliň gurluşygynyň tamamlanmagyna örän az wagt galdy. Ýakyn günlerde bolsa, beýleki desgalarda gurluşyk işleri başlanar.

Gazgeçiriji Türkmenistandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan 966 kilometr ýol aşyp, Hytaýa ýetmeli. Täjigistanyň çäklerinden geçmeli bölegi 400 kilometre golaý bolup, bu iň uzyn geçelgedir. Gazgeçirijiniň 63 kilometrden gowragy 42 sany daglyk tunnellerden geçmeli.

Merkezi Aziýa – Hytaý gazgeçirijisiniň meýilleşdirilýän dördünji D bölümi gurlandan soň, Türkmenistanyň Hytaýa eksport edýän gazynyň ýyllyk mukdarynyň 65 milliard kubmetre çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

2019-njy ýylda Merkezi Aziýadan, esasan-da Türkmenistandan Hytaýa “mawy ýangyjyň” 47.9 milliard kub metri iberildi. Geçiriji 2009-njy ýylyň dekabrynda açyldy we geçen on ýylyň dowamynda ondan 294.6 milliard kub metr tebigy gazyň importy amala aşyryldy.

2022