Şweýsariýanyň “SIСPA SA” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi çarşenbe güni strategik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.
“SIСPA SA” goralan nyşanlar bilen belgilemek ulgamynda dünýäde öňdebaryjy kompaniýadyr. Bu ulgamda tejribeli hünärmenler bilen strategik hyzmatdaşlyk Türkmenistanda häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirmäge we ornaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine garaşylýar.
Şweýsar kompaniýasynyň azyk we senagat önümleriniň dürli görnüşlerini anyklamak boýunça innowasion çözgüdi işläp taýýarlandygyny göz öňünde tutup, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistan tarapyndan import we eksport edilýän harytlaryň gelip çykyşynyň howpsuzlygy, önümçiliginiň mukdaryna we hereketiniň seljerilişine gözegçilik etmek boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär.
“SIСPA SA” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy we baş direktory Filipp Amonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar satyn alyjylary hem-de ýurdumyzyň söwda ulgamyny ýasama önümlerden gorajak ýokary hilli we ýokary tehnologiýaly belgileýiş çözgütleri bilen bazary üpjün etmek üçin açyk hem-de ynanyşykly gatnaşyklara taýýardygyny tassykladylar.
Gol çekilen Ähtnama Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.