Aşgabat bilen Astrahan göni howa gatnawyny ýola goýmak barada maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Astrahan göni howa gatnawyny ýola goýmak barada maslahatlaşdy
Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen Türkmenistanyň konsuly Atadurdy Baýramow duşenbe güni duşuşyk geçirdi. Surat: "Astrobl"

Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen Türkmenistanyň konsuly Atadurdy Baýramowyň duşenbe güni geçiren duşuşygynda işewürlik gatnaşyklaryny täze derejelere çykarmak boýunça maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Babuşkin “Türkmenistan Astrahan oblastynyň halkara gatnaşyklarynda öňdebaryjy hyzmatdaşlarynyň biridir” diýip belledi.

Taraplar, şeýle-de Türkmen-astrahan geňeşiniň çäklerinde telekeçilik ugry boýunça gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Baýramow “Biz gatnaşyklary ähli ugurlar, şol sanda transport, logistika we telekeçiler üçin amatly şertler boýunça ösdürmäge taýýar” diýip belläp geçdi.

Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda göni gatnawlary ýola goýmak baradaky gürrüň, gepleşikleriň dowamynda maslahatlaşylan ugurlaryň biri boldy. Synag hökmünde ilkinji ädim birinji Hazar ykdysady forumynda ädilipdi. Şonda Astrahandan Türkmenbaşy şäherine howa gämisi gidiş-gaýdyş uçuşyny ýerine ýetiripdi.

Ikinji Hazar ykdysady forumy 2021-nji ýylda Astrahanda gurnalar.

2019-njy ýylda Astrahan oblastynyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy $5.6 milliondan ybarat boldy. Häzirki wagtda oblasta türkmen telekeçileriniň gatnaşmagynda bäş kärhana işleýär.