Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde harby we hukuk meseleleri boýunça wezipe döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde harby we hukuk meseleleri boýunça wezipe döredildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasary wezipesi işe girizildi. Wise-premýer şol bir wagtda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary bolup durýar.

Täze wezipä Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory, polisiýanyň general-leýtenanty Çarymyrat Amanowy bellemek baradaky Permana Türkmenistanyň Prezidenti penşenbe güni gol çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde täze ugur boýunça degişli bölümler açyldy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesine bolsa, institutyň nyzam taýýarlygy we terbiýeçilik işleri boýunça prorektory wezipesinde işlän Nurmyrat Kowusow bellendi.

Mundan ozal Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň wezipesini harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň biri tarapyndan ýerine ýetirilýärdi.

2022