Aşgabat täze awtobus we dikuçar satyn alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat täze awtobus we dikuçar satyn alar
Türkmenistan “Hyundai” kompaniýasyndan “Hyundai All New Super Aero Сity” kysymly awtobuslary satyn alar.

Türkmenistan Koreýa Respublikasynyň dünýä belli “Hyundai” kompaniýasyndan “Hyundai All New Super Aero Сity” kysymly awtobuslary satyn alar.

Ýurtda şäheriçi we şäherara ugurlarynda giňden peýdalanylan awtobuslaryň ýüzlerçesi ozal alnypdy. Satyn alynjak Ýewro 4 ekologiýa standartyna gabat gelýän täze köpçülikleýin transport serişdeleri şäheriçi gatnawlar üçin ulanylar.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň hünärmenleri mundan öň Koreýa iş saparynyň çäginde “Hyundai” korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, dürli görnüşdäki awtobuslaryň önümçilik kärhanasyna baryp görüpdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagynda ulanmak üçin dikuçar satyn almak hem meýilleşdirilýär.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” kärhanasyndan satyn alynjak dikuçarlary paýtagtda hem-de welaýatlarda ulanmak göz öňünde tutulýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022