“Galkan” topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň kubogyna mynasyp boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Galkan” topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň kubogyna mynasyp boldy
Türkmenistanyň “Galkan” hokkeý toparynyň türgenleri şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň kubogyny alyp barýarlar, 2024-nji ýylyň 20-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurduň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda ýekşenbe güni 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan ýurduň “Galkan” hokkeý toparynyň türgenleri we tälimçileri sylaglanyldy.

Çärä Içeri işler ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň, Milli olimpiýa we paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, türgenler, tälimçiler, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda ýaryşdylar.

Ýaryşyň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi, toparlarda ýeňiji bolanlar finala çykdylar. Ikinji orny eýelän toparlar bolsa bürünç medal ugrunda bäsleşdiler.

Final duşuşykda “Galkan” (Türkmenistan) we “Adihis-Kazan” (RF-niň Tatarystan Respublikasy) toparlary ýaryşdylar. Türkmenistanyň hokkeý topary ýaryşy 4:2 hasabynda öz peýdasyna tamamlady.

Şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda baýrakly orny eýelän “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy. Şeýle hem olara diplomlar hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

2022