“Amazon” $1 trillionlyk kompaniýalar toparyna girdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Amazon” $1 trillionlyk kompaniýalar toparyna girdi
1 trillion ABŞ dollaryna ýetmegi bilen “Amazon” kompaniýasynyň Baş direktory Jeff Bezosyň şahsy hasabyna $8 milliard goşulyp, kapitaly $124 milliarda ýetdi.

ABŞ-nyň “Amazon” halkara tehnologiýalar kompaniýasy $1 trillionlyk kompaniýalar toparyna girdi. Bu barada kompaniýanyň 2019-njy ýylyň IV çärýegi üçin hasabatynda aýdylýar.

“Amazon”-nyň satuwy şol döwür üçin 87.4 milliard ABŞ dollaryna ýetip, geçen ýyla garanyňda 21 göterim artdy we “Wall Street”-iň çaklamasyndan ýokary boldy. IV çärýekde paýnamanyň bahasy garaşylýan $4.11 geçip, $6.47 ýetdi we geçen ýyla garanyňda operasion girdeji 2.5% çenli göterilip, 3.88 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

Hasabatda görkezilişi ýaly, “Amazon Prime”-iň abunaçylary 2018-nji ýyldan bäri tölegiň wagtlaýyn galmagyna garamazdan 50 million adama çenli artyp, 150 million adama ýetdi. Bir günde getirmek hyzmaty we “Prime” wideo katalogy alyjylary has-da özüne çekmegi başardy.

Kompaniýanyň Baş direktory Jeff Bezos “Prime”-da goýulýan wideolar we filmler 2018-nji ýyla garanyňda iki esse köp görülendigini aýdyp, “Häzirki wagtda abunaçylar ABŞ-nyň 2000 müňe golaý şäherlerinde “Amazon Fresh” we “Whole Foods Market” marketlerinden iki sagadyň dowamynda azyk önümlerini mugt getirdip bilýärler” diýip, sözüniň üstüni doldy.

“Amazon Web Services” bulutly ulgamy hem kompaniýanyň girdejisine öz goşandyny goşdy, ýagny, çärýegiň dowamynda 34 göterime çenli artyp, 9.95 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.

Sietl şäherinde ýerleşýän internet söwda platformasy 2019-njy ýylyň IV çärýeginde 48 müň sany täze işgäri kabul etdi. Häzirki wagtda kompaniýada 798 müň adam zähmet çekýär.

Kompaniýanyň bahasynyň 1 trillion ABŞ dollaryna ýetmegi bilen Jeff Bezosyň şahsy hasabyna 8 milliard ABŞ dollar goşuldy. “Bloomberg's Billionaires Index” hasabatyna görä, Bezosyň häzirki kapitaly 124 milliard ABŞ dollaryna barabardyr.

1 trillion ABŞ dollar kompaniýalar toparyna “Amazon” bilen bir hatarda “Saudi Aramco” ($2.1 trillion), “Apple Inc.” ($1.42 trillion), “Microsoft Corp.” ($1.27 trillion), “PetroChina” ($1.19 trillion), and “Alphabet” ($1 trillion) kompaniýalary girýär.