Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşkentde duşenbe güni “С5+1” formatyndaky ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde türkmen DIM-niň ýolbaşçysy ABŞ-niň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen duşuşdy.
Mejlise ABŞ-niň Döwlet sekretary, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda birnäçe meselelere seredildi. Şol sanda, taraplar serheti dolandyrmak, söwda, energetika we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk boýunça meseleler babatynda pikir alyşdylar.
“С5+1” görnüşindäki maslahatda owgan meselesine aýratyn üns berildi. Bu ugurda türkmen wekiliýeti TOPH gazgeçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik energiýasy geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurluşygy ýaly taslamalaryň öňegidişlikleri barada maglumat berdi.
Gepleşikleriň ahyrynda gatnaşyjylar “С5+1” formatyndaky ministrleriň duşuşygynyň bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Daşkentde duşuşyga gatnaşmaklarynyň çäklerinde Meredow bilen Pompeonyň duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri, şeýle hem özara gyzyklanmalary bolan sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.