Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Modeller öýi çagalara we uly ýaşlylara ýaz möwsümi üçin egin-eşik önümçiligine başlady.
Modeller öýüniň trikotaž sehinde uly islege eýe bolan zenanlar üçin milli türkmen donlarynyň nagyşlary bilen bezelen paltolaryň, şeýle hem kardiganlaryň, trikotaž köýnekleriň, çagalar üçin mekdep egin-eşikleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
Sehde trikotaž maýkalary, polo köýnekleri, tomus möwsümi üçin gyz köýnekleri, şeýle-de dürli aksesuarlar öndürilýär. Önümçilikde modelýerler Ýaponiýanyň “Shima Seiki” awtomatlaşdyrylan tekiz örüm edýän enjamyny ulanýarlar. Enjamyň ýörite programma üpjünçiligi bolsa ýylda 20 müňden gowrak erkek, zenan we çaga egin-eşiklerini öndürmäge mümkinçilik döredýär.
Aşgabat şäheriniň Modeller öýi geçen ýyl “Miras” haryt nyşanly döwrebap erkek, zenan we çaga egin-eşiklerini, şeýle hem aksesuarlary öndürmäge başlapdy.