Türkmenistanda onlaýn hyzmatlardan peýdalanýanlaryň sany artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda onlaýn hyzmatlardan peýdalanýanlaryň sany artýar
Türkmenistanda sanly ylgama geçilmegi ýurtdaky onlaýn hyzmatlary artdyrýar. Şol bir wagtda ondan peýdalanýanlaryň sany hem aýakdaş köpelýär.

Türkmenistanda sanly ulgama geçilmegi ýurtdaky onlaýn hyzmatlary artdyrýar. Şol bir wagtda ondan peýdalanýanlaryň sany hem aýakdaş köpelýär.

Sanly ulgama geçilmegiň esasy ölçegleriniň biri nagt däl hasaplaşygyň möçberiniň artmagydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda bank kartlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşygy amala aşyrmak bilen bir hatarda, elektron gapjyklaryň hem-de telefon applikasiýalaryň üsti bilen hasaplaşygy hem çalt depginde ösýär.

Uzakdan edilýän hyzmatlaryň we telefon applikasiýalaryň, şol sanda banklaryň elektron amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik döretmegi nagt däl hasaplaşygyň artmagynyň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar.

Şeýle hem QR-kod ulgamy arkalary hasaplaşygy amala aşyrmak nagt däl amallaryň artmagyna getirýär.

Telefon applikasiýalarynyň üsti bilen amallary ýerine ýetirmek üçin alyja-da, satyja-da goşmaça terminallaryň zerurlygy bolmaz. Sebäbi amaly islendik ýerden ýerine ýetirip bolýar.

Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýolagçy gatnawlarynyň hyzmatlaryny ýerine ýetirýän “Türkmenhowaýollary” we “Türkmendemirýollary” agentlikleriniň sanly ulgama geçmek maksatnamasy durmuşa geçirildi. Agentlikleriň telefon applikasiýalarynyň döredilmegi ýolagçylara islendik ýerden petekleri almaga mümkinçilik döretdi.

“Türkmendemiýollary” agentliginiň applikasiýasynyň işe girizilen wagtyndan 2019-njy ýylyň dekabr aýyna çenli döwürde amala aşyrylan amallar 4.8 esse we nagt däl töleg hyzmatlarynyň möçberi 4.3 esse artdy. Bu ösüşi “Türkmenhowaýollary” agentliginiň applikasiýasynda hem görmek bolýar.

Ýurtda aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegleri durnukly ýagdaýda sanly ulgama geçdi. “AŞTU” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (ÝGPJ) applikasiýasynyň üsti bilen telefon, IP-TV we Internet hyzmatlary üçin tölegleri nagt däl görnüşinde amala aşyryp bolýar. 2019-njy ýylda applikasiýanyň üsti bilen amala aşyrylan amallar 2 esse we töleg hyzmatlarynyň möçberi 2.5 esse artdy.

Şeýle hem bu ulgamy “Altyn Asyr” ÝGPJ ulanýar. 2019-njy ýylyň hasabatyna görä, “Altyn Asyr” ÝGPJ applikasiýasynyň üsti bilen ýerine ýetirilen amallar 3.6% artdy, töleg hyzmatlarynyň möçberi 4.5% artdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýaşaýjylary telefon applikasiýalarynyň üsti bilen diňe bir tölegleri amala aşyrman, eýsem “Altyn Açar”, “Menu” hem-de “Dostawka.bar” applikasiýalary arkaly azyk harytlary, dürli tagamlary we beýleki zerur harytlary sargyt edip bilýärler. Şeýle hem ýurtda belli “Тmcars”, “Saraý” applikasiýasy arkaly gerekli awtoulaglary we dürli enjamlary saýlap bolýar.

“Taxi Hyzmaty” applikasiýasy hem içerki bazarda durnukly berkidildi, onuň üsti bilen şäher içinde taksileri sargyt edip, şol sanda nyrhyny hem bilip bolýar.

2018-nji ýylyň noýabr aýynda “Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy” kabul edilipdi.