Türkmenabat şäheriniň ýüpek önümçilik birleşiginde pile egriji önümçiligi we eksport etmek mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen tehniki we tehnologiki döwrebaplaşdyryş maksatnamasy durmuşa geçirilýär.
Kärhanada Hytaýdan getirilen innowasion pile egriji enjamlarynyň gurnama işleri başlady. Bu enjam ýokary öndürijiligi, pes zyýan ýetirijiligi we ýokary hilli ýüpek süýmini öndürmek bilen tapawutlanýar.
Pile egriji sehiniň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, täze enjamlar şu ýylyň tomus möwsüminde işe giriziler.
Kärhananyň tikinçilik we reňk beriji sehlerinde ýüpek ýüplüginden nepis matalar we halylar öndürilýär. Artyk galan ýüplükler bolsa eksporta hödürlenýär.
Şeýle hem, “Lebapýüpek” birleşigine degişli Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän zawodda tohumçylyk işleri alnyp barylýar we bu ýerde ýüpek gurçugynyň “Türkmen-13”, “Türkmen-16”, “Ak pille-1”, “Ak pille-2”, “Dostluk-1” “Dostluk-2” ýaly görnüşleri ýetişdirilip, bulardan ýokary hilli ýüpek ýüplükler alynmaga başlanypdy.
2019-njy ýylda Türkmenabat şäheriniň ýüpek önümçilik birleşigi tarapyndan 380 müň inedördül metr ýokary hilli ýüpek matasy, 80 tonna ýüpek süýümi we 110 inedördül metrden gowrak ýüpek halylary öndürildi. 2020-nji ýylda kärhananyň hünärmenleri bu görkezijileri has-da artdyrmagy meýilleşdirýärler.