Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzümine degişli bolan “Türkmenhaly” önümçilik birleşigi we ýüpekçilik pudagy başga edaralaryň garamagyna geçirildi.
Türkmen haly önümleriniň önümçiligini talabalaýyk ýola goýmak, daşary ýurtlara ýerlenilýän haly önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak maksady bilen “Türkmenhaly” önümçilik birleşigi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna berildi. Şeýle-de onuň ady “Türkmenhaly” döwlet birleşigi diýlip üýtgedildi.
Türkmen dokmaçylygyna seredýän edaranyň ýüpekçilik pudagy bolsa, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyna berildi.
Ýurtda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek we pile önümçiligini talabalaýyk alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri kämilleşdirmek maksady bilen Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň üstüne ýurdumyzda pile önümçiligini talabalaýyk guramak, pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek hem-de piläni gaýtadan işlemek wezipeleri ýüklenildi.
Türkmenistanda 2019-njy ýylda türkmen halysy we haly önümleri 2018-nji ýyla garanyňda 20 göterim artyk öndürildi. Halylaryň eksport edilen möçberi 173 göterime ýetip, onuň fiziki şahslara degişli möçberi 5 göterim ösdi. Jemi daşary ýurtlara iberilen halylaryň 67 göterime golaýy türkmen el halylarydyr.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2020-nji ýylda 2100 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.