Ýewropa Bileleşigi Türkmenistandaky wekilhanasyna täze ilçi belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistandaky wekilhanasyna täze ilçi belledi
Duşuşykda türkmen tarapy ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasyny goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň başynda, ilçini jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasyny goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň özara hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle-de taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem-de dürli ulgamlarda gatnaşyklary kämilleşdirmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda öz wekilhanasyny 2019-njy ýylda Aşgabatda açypdy.

Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasy ÝB-e agza ýurtlaryň ilçihanalarynyň işlerini utgaşdyrýar. Şeýle-de wekilhana Türkmenistanda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça gatnaşyklaryň ýola goýulmagy boýunça iş alyp barýar.